Astanada Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitaby tanyşdyryldy


24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B. Rejepow Astana şäherindäki L.N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde (ÝMU) umumy sapak geçdi we Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny tanyşdyrdy.
Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşyk ýaşlar syýasatynyň meselelerine, parahatçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürmekde türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ornuna, şeýle hem Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik şahyryň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlandy. Çärä Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belgiýa Patyşalygyndan, Gyrgyz Respublikasyndan talyplar, şeýle hem professor-mugallymlar, ýakyn we uzak daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň işgärleri hem-de Astananyň Diplomatiýa klubynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny tanyşdyrdy. Bu kitapda Türkmenistanyň ýaş nesliniň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri giňişleýin beýan edilýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlaryň we tutuş ýurduň gülläp ösmegini üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalar hem-de özgertmeler baradaky maglumatlary uly gyzyklanma bilen diňlediler. Çäräniň dowamynda ÝMU-da bilim alýan türkmenistanly talyplar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okadylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň ilçisi talyplaryň okuwda we sportda gazanan üstünlikleri bilen gyzyklandy, talyplar bolsa, öz gezeginde, ilçä özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler.
ORIENT news








