Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda parlament wekilleriniň saparlaryny guramaga taýýarlyk görülýär
Ýanwar 24, 2024 | 21:36 |8039


24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow dostlukly döwletiň Parlament wekilleri palatasynyň Başlygy Tan Şri Dato Johari bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda döredilen Parlamentara dostluk toparynyň ähmiýetli orny nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Malaýziýanyň Parlament wekilleri palatasynyň Başlygy şu ýyl Türkmenistana sapar bilen barmagy meýilleşdirýändigini tassyklady. Şunda özara saparlaryň amala aşyrylmagynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy gieňltmekde ähmiýetli boljakdygy bellendi.
ORIENT news








