HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde « Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez hazynadyr» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ýanwar 24, 2024 | 17:24 |7918
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr, hünärmenleriniň gatnaşmagynda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr, hünärmenleriniň gatnaşmagynda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Çeşme: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr, hünärmenleriniň gatnaşmagynda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler 2024-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp atlandyrylmagynyň, türkmen halkyny has-da buýsandyrandygyny belläp geçdiler.

Çünki, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen döwletiniň we agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir.

Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Maslahatyň ahyrynda ildeşlerimiz, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň taryhy-medeni mirasyny aýawly gorap saklamaga we ony dünýä ýaýmaga gönükdirilen daşary syýasaty we medeni diplomatiýasynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026