BMG-niň meýletinçiler Maksatnamasynyň wekiliýeti Aşgabat şäherine sapar bilen geldi
Ýanwar 24, 2024 | 18:58 |5238


Birleşen Milletler Guramasynyň meýletinçiler (UNV) Maksatnamasynyň wekilleri 23-nji ýanwarda resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy habar berdi.

Saparyň çäginde Ýewropa we GDA Maksatnamasynyň sebitleýin dolandyryjysynyň orunbasary Pasifika Essereke we UNV-niň sebit syýasaty boýunça hünärmeni Emilia Asadowa, Türkmenistanda meýletinçilik bilen baglanyşykly meseleler boýunça BMG-niň ýurtdaky topary bilen pikir alyşmagy meýilleşdirýär.
Sapar 26-njy ýanwara çenli dowam eder. Wekiliýetler meýletinçilik ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurduň degişli döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hem duşuşarlar.
ORIENT news








