26-njy ýanwarda Ýanýoldaşlaryň güni bellenilýär
Ýanwar 25, 2024 | 07:19 |12410


26-njy ýanwarda Ýanýoldaşlaryň güni bellenilip geçilýär. Bu milli baýram ABŞ-da jemgyýetiň bölegi hökmünde maşgalanyň wajyplygyny, onuň adamyň durmuşynda tutýan ornuny görkezmek maksady bilen esaslandyryldy.
Has soňra bu baýram Beýik Britaniýada, soňra bolsa tutuş dünýäde bellenilip başlandy.
Baýramçylygy bellemek maşgalanyň döredilen pursatlaryny ýatlamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şol gün ähli ünsüňi hem-de wagtyňy ýanýoldaşyňa bagyşlamaly.
Geçirilen barlaglar maşgala gurlandan soňra üçünji ýylyň iň bagtly ýyldygyny görkezýär. Maşgala gurmak üçin bolsa 25-30 ýaş has oňaýly hasaplanylýar.
Meselem, Russiýada 2024-nji ýyl Maşgala ýyly diýlip yglan edildi.
ORIENT news








