Hytaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy


Sişenbe güni, 23-nji ýanwarda Hytaýyň paýtagtyndaky türkmen Ilçihanasynda Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Bu çärä Hytaýyň Milletler uniwersitetiniň mugallymlary, Hytaý At senagaty birleşiginiň baş sekretary Ýue Gaofen, Hytaý-türkmen dostluk merkeziniň başlygynyň orunbasary An Szinlun, Hytaýyň uniwersitetlerinde okaýan Türkmenistanyň talyplary we Hytaý metbugatynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda ýygnananlar nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilişini, şeýle hem 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegini we Änewiň TÜRKSOÝ-yň medeni paýtagty hökmünde saýlanmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news








