HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Daşoguz habarlary” gazeti “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli bäsleşik yglan etdi

Ýanwar 24, 2024 | 21:43 |10124
Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň “Daşoguz habarlary” gazeti “Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň “Daşoguz habarlary” gazeti “Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň “Daşoguz habarlary” gazeti “Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşik 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşiniň welaýat birleşmesi bilen bilelikde geçirilýär. Bäsleşigiň maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz etmekden ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýänler makalalary, oçerkleri we zarisowkalary hödürlemeli. Olar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşýan durmuş-önümçilik desga ýa-da şahsyýet barada anyk maglumatlar arkaly çeper beýan etmeli.

Işleri “Daşoguz habarlary” gazetiniň redaksiýasyna 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 17-sine çenli ugratmaly. Redaksiýanyň salgysy (Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje adyndaky köçe, 8-nji jaý). Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini dashoguz.habarlary@sanly.tm elektron poçtasyna ugradyp bilerler. Şeýle hem gatnaşyjylar habarlaşmak üçin özleri baradaky maglumatlary ibermeli.

Işleriň möçberi 2-3 sahypadan köp bolmaly däl.

Tapawutlanan işler «Daşoguz habarlary» gazetiniň sahypalarynda çap ediler.

Bäsleşigiň jemleri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde — 2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda yglan ediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ýemendäki afrikaly migrantlar ynsanperwerlik krizisine duçar boldy

Ýemendäki afrikaly migrantlar ynsanperwerlik krizisine duçar boldy

15:00 Sentýabr 05, 2026
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026