HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden özara ýük daşamalary ýola goýmagy teklip etdi

Ýanwar 23, 2024 | 22:24 |7310
Häzirki wagtda Gazagystanyň we Pakistanyň arasynda demir ýol arabaglanyşygy ýokdur. Munuň deregine, şol sanda Türkmenistanda bar bolan üstaşyr geçelgeleriň netijeli ulanylmagynyň uly geljeginiň barlygy bellenilýär.Häzirki wagtda Gazagystanyň we Pakistanyň arasynda demir ýol arabaglanyşygy ýokdur. Munuň deregine, şol sanda Türkmenistanda bar bolan üstaşyr geçelgeleriň netijeli ulanylmagynyň uly geljeginiň barlygy bellenilýär.
Çeşme: orient.tm

Häzirki wagtda Gazagystanyň we Pakistanyň arasynda demir ýol arabaglanyşygy ýokdur. Munuň deregine, şol sanda Türkmenistanda bar bolan üstaşyr geçelgeleriň netijeli ulanylmagynyň uly geljeginiň barlygy bellenilýär.

Bu barada Gazagystanyň ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew 23-nji ýanwarda Pakistan Yslam Respublikasynyň aragatnaşyk, demir ýol we deňiz işleri ministriniň birinji orunbasary bilen bolan duşuşygynda mälim etdi. Onuň aýtamgyna görä, häzirki wagtda demir ýol we awtomobil ulagy arkaly Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça multimodal ulag gatnaşyklaryny guramak mümkinçilikleri bar.

Lastaýew Gazagystanyň Pakistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini tassyklap, degişli ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin taraplaryň ilkinji nobatda netijeli ulag-logistika ulgamyny döretmekleriniň zerurdygyny aýtdy. Bu baada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri bellenip geçildi. Şunda “Demirgazyk – Günorta” we “TMTM” (Orta/Hazarüsti ulag geçelgesi) halkara ulag ugurlaryny bilelikde ösdürmek işine gatnaşmak teklip edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026