HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada şu ýyl GDA-nyň Ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

Ýanwar 23, 2024 | 20:37 |10919
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Ykdysady meseleler boýunça komissiýasyndaky Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew şu ýylyň 23-nji ýanwarynda Moskwada geçirilen ilkinji mejlisine gatnaşdy.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Ykdysady meseleler boýunça komissiýasyndaky Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew şu ýylyň 23-nji ýanwarynda Moskwada geçirilen ilkinji mejlisine gatnaşdy.
Çeşme: cis.minsk.by

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň Ykdysady meseleler boýunça komissiýasyndaky Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili Esen Aýdogdyýew şu ýylyň 23-nji ýanwarynda Moskwada geçirilen ilkinji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň doly ygtyýarly wekili Wladimir Worobýow ýolbaşçylyk etdi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň berýän habaryna görä, duşuşygyň dowamynda GDA-na agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň wideoçykyşy, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň GDA-nyň 2024-nji ýylda başlyklyk etmegi konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek üçin çäreleriň meýilnamasy baradaky maglumatlar diňlenildi.

2-5.jpg

Beýleki meseleleriň arasynda Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny (2021–2025) durmuşa geçirmek üçin hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine garaldy. Bu meýilnama hyzmatdaşlygyň 28 ugruny we Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilen 286 çäräni öz içine alýar.

GDA-na agza ýurtlaryň maglumatlaryna görä meýilnamanyň ähli çäreleri durmuşa geçirilýär we olaryň birnäçesi tamamlandy. Seljeriş işleri, GDA-na agza ýurtlaryň we senagat hyzmatdaşlygy guramalarynyň söwda-senagat, maglumat we kommunikasiýa hyzmatlary we aragatnaşyk pudagynda alyp barýan işleriniň we kiçi we orta telekeçilere goldawyň artandygy barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026