Tokioda Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy boldy


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektorlary Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäginde sişenbe güni, 23-nji ýanwarda geçirilen bu çärä Tsukuba uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, Ýaponiýanyň ylmy jemgyýetiniň wekilleri we Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Kitapda türkmen halkynyň taryhy we gymmatlyklary, ýurduň häzirki gazananlary we ýaş nesil üçin öwütler ýaly dürli temalar bar. Kitabyň Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň türkmen-ýapon dostluk gatnaşyklaryny berkitmekdäki roluny açyp görkezýän “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölümine aýratyn üns berildi.
ORIENT news








