Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi


Sişenbe güni, 23-nji ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagtyndaky sapary wagtynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy.
Söhbetdeşlikde taraplar tebigy baýlyklaryň ulanylyşy we dekarbonizasiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy geljekde energetika geçirilişi meselesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini aýtdy we Hökümetara düşünişmek Ähtnamasyy bilen tassyklanan senagat dekarbonizasiýa pudagynda Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaş hökmünde ähmiýetini belläp geçdi.
Şeýle hem, gepleşikleriň çäginde taraplar BMG we beýleki halkara guramalary, “Merkezi Aziýa + Ýanaponiýa” gepleşikleri we sammit ýygnaklaryndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibi barada pikir alyşdylar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde 2024-2026-njy ýyllar üçin Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
ORIENT news








