HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda türkmen-türk hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary maslahatlaşyldy

Ýanwar 23, 2024 | 15:25 |8560
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda Baş konsul M.Öwezow bilen Stambulyň häkimliginiň halkara gatnaşyklary ugrunyň ýolbaşçysy Ýu.Barbaros Buýuksagnagyň arasynda duşuşyk geçirildi.2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda Baş konsul M.Öwezow bilen Stambulyň häkimliginiň halkara gatnaşyklary ugrunyň ýolbaşçysy Ýu.Barbaros Buýuksagnagyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda Baş konsul M.Öwezow bilen Stambulyň häkimliginiň halkara gatnaşyklary ugrunyň ýolbaşçysy Ýu.Barbaros Buýuksagnagyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň depginleriniň ýokarlanýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň geljeginde Konsullygyň hem-de Häkimligiň wekilleriniň arasyndaky duşuşyklaryň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň bilelikdäki işleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşleriň wajyplygy bellenip, taraplaryň özara aragatnaşyklary dürli ugurlarda ilerletmek boýunça başlangyçlara taýýardygy beýan edildi.

Şeýle hem M.Öwezow ikitaraplaýyn gün tertibindäki wajyp meseleler, şol sanda IT tehnologiýalar, bilim we medeniýet pudagyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bulardan başgada, söhbetdeşler Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki medeni çärelerini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026