HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Uglerodsyzlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk dialogy döredildi: Türkmenistan we Ýaponiýa Ähtnama gol çekdiler

Ýanwar 22, 2024 | 18:04 |9188
Türkmenistan we Ýaponiýa uglerodsyzlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmegiň Ähtnamasyna gol çekdiler.Türkmenistan we Ýaponiýa uglerodsyzlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmegiň Ähtnamasyna gol çekdiler.
Çeşme: nikkei.com

Türkmenistan we Ýaponiýa uglerodsyzlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmegiň Ähtnamasyna gol çekdiler. Degişli resminama 22-nji ýanwarda Tokio şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýtonyň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde gol çekildi.

Taraplar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik işinde daşky gurşawa zyýanly zyňyndy gazlaryň möçberlerini azaltmaga ýardam etjek tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada Ýaponiýanyň “Nikkei” gazeti habar berýär.

Bellenişi ýaly, “Itochu” we “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalary tebigya gazdan benzin öndürýän kärhananyň goşmaça önümçilik düzüminiň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýerli döwlet kärhanasy bilen bir ýere jemlendi. Bu şeýle-de uglewodorodlary gazyp almak bilen bagly bölünip çykýan metan gazlaryny azaltmak üçin tehnologiýalary ornaşdyrmaga-da ýardam eder.

Ýaponiýanyň eksport-karz agentligi (NEXI) “Itochu” we “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalarynyň durmuşa geçiren tebigy gazdan ammiak we karbamid öndürýän himiýa zawodyna tehniki hyzmatlary etmek boýunça ähli çykdajylary öz üstüne alýar.

Ken Saýto uglerod bitaraplygyny gazanmakda Merkezi Aziýanyň eýeleýän ornunyň barha artýandygyny aýtdy. Şeýle hem, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly bu ugurda has uly öňegidişligiň gazanyljakdygyny umyt bildirdi.

Hyzmatdaşlygyň anyk mazmunyny pugtalandyrmak maksady bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen uglerody azaldýan tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem neşir Ýaponiýanyň Premýer ministri Fumio Kisidanyň şu ýylyň ahyrynda Merkezi Aziýa iş saparyny amala aşyryp, altytaraplaýyn sammite gatnaşjakdygyny belleýär.

Mundan ozal, Ýaponiýanyň “ýaşyl” tehnologiýalary arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini ýazypdyk.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026