HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekin sanly ykdysadyýet ulgamynda nusgalyk bolmaga çalyşýar

Ýanwar 22, 2024 | 23:01 |6934
Pekin ösen önümçilik, dolandyryş ulgamy bolan, sanly ykdysadyýet babatda dünýä derejesindäki nusgalyk şäher bolmagy maksat edinýär.Pekin ösen önümçilik, dolandyryş ulgamy bolan, sanly ykdysadyýet babatda dünýä derejesindäki nusgalyk şäher bolmagy maksat edinýär.
Çeşme: chinadaily.com.cn

Pekin ösen önümçilik, dolandyryş ulgamy bolan, sanly ykdysadyýet babatda dünýä derejesindäki nusgalyk şäher bolmagy maksat edinýär.

Bu barada 16-njy Pekin şäher halk kongressiniň ikinji mejlisinde Pekiniň meri In Ýun aýtdy.

Soňky ýyllarda Hytaýyň paýtagty täze tehnologiýalary infrastruktura ornaşdyrmakda öňdebaryjylaryň hatarynda saýlandy. Meselem geçen ýyl Pekinde 5G stansiýalarynyň 30 müňi guruldy.

2023-nji ýylda şäheriň jemi içerki önümi 4,4 trillion ýuana deň boldy. Munuň özi geçen ýylka garanyňda 5,2 % köpdür. Sanly ykdysadyýetiň jemi içerki önümdäki paýy 42,9 %, 2022-nji ýylda bolsa 41,6 % deň boldy.

Şäheriň hökümetiniň hasabatyna görä şu ýyl jemi içerki önümiň ösüşi 5 % deň bolar.

2024-nji ýylda şäherde emeli intellekt tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegi, döwlet dolandyryşynda, lukmançylykda, senagatda we hyzmatlar ulgamynda emeli intellektiň öz nusgalarynyň ulanylmagy dowam etdiriler.

Sürüjisiz ulaglar howa menzillerinde, demirýol menzillerinde we şäher ýolaryndaky arassaçylyk işlerinde giňden peýdalanylar. Şeýle hem şäherde kuwwatlylygy 10 gigawatt bolan optiki ulgam we ulag serişdeleriniň interneti ýaly täze sanly infrastruktura işjeň ösdürilýär.

Geçen hepde 15 sany awtomatiki gözegçilik ulaglary Pekiniň ykdysady-tehnologik zolagyndaky senagat parklaryny, metro stansiýalaryny we söwda merkezlerini gije gündiziň dowamynda goramaga başladylar. Munuň özi Hytaýda şeýle ulaglaryň ilkinji synagydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026