Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi ynanç hatyny gowşurdy


22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda alyp barjak asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Ilçi Tomas Şteli döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek, iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
ORIENT news








