Arkadag şäherinde eltip bermek hyzmatlarynda elektrik ulaglary ulanylyp başlandy


Milli ähmiýetli şäher durnukly ösüş üçin ýene bir ädim ätdi - söwda hyzmatlarynda daşky gurşawa az täsir edýän elektrik ulaglary ulanylyp başlandy. Bu barada «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ özüniň resmi web sahypasynda habar berýär.
Arkadag şäher Söwda müdirliginiň hojalyk bölümi, Gonkongyň “Run Horse” holdinginiň “Jinma” elektrik awtoulaglaryny ulanýar. Olar müşderilere gyzgyn naharlary we azyk önümlerini eltip berýärler. Şeýle-de sowadyjy kameralar bilen enjamlaşdyrylan modelleri hem bardyr.
Elektrik ulaglary doly zarýad berlende 2-3 sagatda 120 km ýol geçip biler. Ekologik taýdan arassa we çalt energiýa bermeklik elektrik ulaglaryny durnukly ulag ekosistemasyny ösdürmek üçin iň oňat saýlaw edýär.
ORIENT news








