HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Uglerodsyzlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk dialogy döredildi: Türkmenistan we Ýaponiýa Ähtnama gol çekdiler

Ýanwar 22, 2024 | 18:04 |9018
Türkmenistan we Ýaponiýa uglerodsyzlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmegiň Ähtnamasyna gol çekdiler.Türkmenistan we Ýaponiýa uglerodsyzlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmegiň Ähtnamasyna gol çekdiler.
Çeşme: nikkei.com

Türkmenistan we Ýaponiýa uglerodsyzlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmegiň Ähtnamasyna gol çekdiler. Degişli resminama 22-nji ýanwarda Tokio şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýtonyň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde gol çekildi.

Taraplar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik işinde daşky gurşawa zyýanly zyňyndy gazlaryň möçberlerini azaltmaga ýardam etjek tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada Ýaponiýanyň “Nikkei” gazeti habar berýär.

Bellenişi ýaly, “Itochu” we “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalary tebigya gazdan benzin öndürýän kärhananyň goşmaça önümçilik düzüminiň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýerli döwlet kärhanasy bilen bir ýere jemlendi. Bu şeýle-de uglewodorodlary gazyp almak bilen bagly bölünip çykýan metan gazlaryny azaltmak üçin tehnologiýalary ornaşdyrmaga-da ýardam eder.

Ýaponiýanyň eksport-karz agentligi (NEXI) “Itochu” we “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalarynyň durmuşa geçiren tebigy gazdan ammiak we karbamid öndürýän himiýa zawodyna tehniki hyzmatlary etmek boýunça ähli çykdajylary öz üstüne alýar.

Ken Saýto uglerod bitaraplygyny gazanmakda Merkezi Aziýanyň eýeleýän ornunyň barha artýandygyny aýtdy. Şeýle hem, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly bu ugurda has uly öňegidişligiň gazanyljakdygyny umyt bildirdi.

Hyzmatdaşlygyň anyk mazmunyny pugtalandyrmak maksady bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen uglerody azaldýan tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem neşir Ýaponiýanyň Premýer ministri Fumio Kisidanyň şu ýylyň ahyrynda Merkezi Aziýa iş saparyny amala aşyryp, altytaraplaýyn sammite gatnaşjakdygyny belleýär.

Mundan ozal, Ýaponiýanyň “ýaşyl” tehnologiýalary arkaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini ýazypdyk.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026