HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tokioda gepleşikleri geçirýär

Ýanwar 22, 2024 | 12:22 |6205
22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.
Çeşme: goodhousekeeping.com

22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.

Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we eksport-karz beriş agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Geçiriljek duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary berkitmek, parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, syýasy-diplomatik işjeňligi artdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle-de ylym-bilim hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Ýaponiýanyň Premýer ministri Fumio Kisida ýurduň Daşary işler ministrligine Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan döwletleriniň Baştutanlary bilen ýokary derejeli gepleşikler formatyny açmagyň üstünde işlemegi tabşyrjakdygyny aýtdy. Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklarнх şu ýyldan geçirilip başlanmagyna garaşylýardy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026