HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Goranmak ministrliginiň Harby institutyna we ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul edilýär

Ýanwar 22, 2024 | 12:18 |16724
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty 2024 – 2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär.Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty 2024 – 2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär.
Çeşme: milligosun.gov.tm

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty 2024 – 2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär. Degişli bildiriş “Mugallymlar gazeti” gazetinde neşir edildi.

Okuwa umumy orta bilimli, Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:
—orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
—Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;
—harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
— harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmekleri bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup, kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň, bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
—borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar.

Harby institutda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Harby institutda okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça ýerli harby wekilleriň adyna 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly.
—ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, oglunyň harby gullukçy bolmagyna we Türkmenistanyň islendik çäginde gulluk etmegine razylygy baradaky dil haty (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);
—Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada kepilnama);
—Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň nusgasy;
—bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal, hünärmen saýlawynyň kartasy;
—Harby şahadatnamasynyň nusgasy;
—Dogluş hakynda şahadatnamasynyň, Nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamasynyň, eger-de nikasy bozulan bolsa, Nika bozulandygy hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;
—lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri wenerologiki, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorlyk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);
—iň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnama;
—maşgala ýagdaýy barada kepilnama;
—ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň iş ýerinden kepilnama (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar işlemeýän bolsalar, olaryň işlemeýändikleri barada degişli etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna ýazylan dil hatlary);
—zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;
—bilim hakyndaky resminamasynyň (şahadatnamanyň, diplomyň) tassyklanan nusgasy;
—harby wekilligiň ýa-da harby bölümiň ilkinji synaglaryň bahalandyryş sanawnamasyndan göçürme;
—harby wekilligiň ýa-da harby bölümiň synag toparynyň beýan ýazgysy;
—özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;
—1 sany 9х12 ölçegde, 4 sany 4х6 ölçegde, 10 sany 3х4 ölçegde tassyklanan fotosurat;
—ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň hem-de süýtdeş doganlarynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalarynyň nusgasy;
—eger dalaşgäriň ýakyn garyndaşlaryndan aradan çykan bolsa, onda Ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň nikasy bozulan bolsa, Nika bozulandygy hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy.

Harby institutda okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär.

Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär. Resminamalary kabul etmek işi 1-nji maýa çenli dowam edilip, okuwyň möhleti 4 ýyldyr.

Gerekli resminamalaryň sanawy:
—ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilmegi baradaky harby wekiliň adyna ýazan dil haty (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);
—ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
— bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal;
— dogluş hakynda şahadatnamasynyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy;
— okaýan orta mekdebiniň 8-nji synpyndaky ýetişigi barada resminama (1,2,3 çärýeklerinden göçürme);
— 6 sany 3х4, 4 sany 4х6, 2 sany 9х12 ölçegde, ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;
— okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;
— okaýan orta mekdebindäki şahsy işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanan nusgasy;
— Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyna kepil geçilen lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça inçekesel we deri-wenerologik hassahanalaryndan hem-de neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezlerinden degişli kepilnama) hem-de saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyny kesgitleýän dalaşgäriň ýaşaýan ýeri boýunça lukmanlar toparynyň barlagyndan geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
— keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;
— ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;
—eger dalaşgäriň ata-enesiniň öleni bar bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy.

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäklerinde dersler boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hemde türkmen dili dersinden diktant kabul edilýär.

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026