HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine ilaty göçürip getirmekde säwliklere ýol berilýändigi üçin nägilelik bildirdi

Ýanwar 21, 2024 | 11:49 |14147
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işinde säwliklere  ýol berilýändigi üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň işine nägilelik bildirdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işinde säwliklere  ýol berilýändigi üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň işine nägilelik bildirdi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işinde säwliklere ýol berilýändigi üçin Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň işine nägilelik bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine bolan iş saparynyň dowamynda mälim edildi diýip, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewe we Arkadag şäherini gurmak boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa ýüzlenip, ýol berlen säwlikleri gysga wagtda düzetmek we Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlaryna ilatyň göçürilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir. Şunda söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, hyzmatlar ulgamynda bökdençlikleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026