HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yrak: türkmen gazyny import etmek boýunça ähli şertler ýerine ýetirildi

Ýanwar 21, 2024 | 11:31 |5070
Yragyň energetika ministri Ahmed Musa türkmen gazyny import etmek boýunça ähli şertleriň ýerine ýetirilendigini we meseleleriň oňyn çözülendigini aýdýar.Yragyň energetika ministri Ahmed Musa türkmen gazyny import etmek boýunça ähli şertleriň ýerine ýetirilendigini we meseleleriň oňyn çözülendigini aýdýar.
Çeşme: pixabay.com

Yragyň energetika ministri Ahmed Musa türkmen gazyny import etmek boýunça ähli şertleriň ýerine ýetirilendigini we meseleleriň oňyn çözülendigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, türkmen gazynyň Eýranyň çäklerinden akdyryljakdygyny göz öňünde tutup, degişli meseleleriň eýran tarapy bilen hem maslahatlaşmagyň zerurdygyny belläp geçdi. Bu barada "Iraqi News Agency" habarlar agentligi mälim edýär.

Häzirki wagtda Yrakda elektrik energiýasyny öndürmek üçin ýangyç hökmünde hyzmat edýän tebigy gazyň ýetmezçiligi duýulýar. Bu meseläniň oňyn çözmek üçin Türkmenistanyň we Yragyň bähbitleri göz öňünde tutulyp, türkmen tebigy gazyny Eýranyň gaz geçiriji ulgamlary arkaly ibermek barada ylalaşyldy. Munuň üçin eýran tarapy degişli turbageçiriji ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak işlerini alyp barýar. Taýýarlyk işlerini öňümizdäki aýyň birinji hepdesinde tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Oňa çenli Yrak we Eýran energiýa ibermeleri boýunça özara ylalaşyga gelmek üçin birnäçe gepleşikleri geçirýärler. Bellenişi ýaly bu gepleşikler häzirki wagtda işjeň dowam etdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026