Owganystanda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi


Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Türkmenistanyň Baş konsullygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly kitabyna bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň goňşy ýurtdaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Dabara gatnaşyjylar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini giňden artdyrmaga gönükdirilen geçen ýylda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitabynyň neşir edilmeginiň ähmiýetini bellediler. Bu eserde geçen ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri hem giňden beýan edilýär.

Bu kitap geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen ýaşlaryň halkaa forumynyň öňüsyrasynda neşir edilipdi. Forumyň çäklerinde dürli ugurlarda üstünlikleri gazanan ýaşlara sylaglar gowşuryldy.
ORIENT news








