HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň 2024-nji ýyldaky meýilnamasyna garaldy

Ýanwar 20, 2024 | 18:56 |7710
20-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdakay mejlisi geçirildi.20-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdakay mejlisi geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

20-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdakay mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

R.Meredow duşuşygy açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çäginde 2023-nji ýylyň dowamynda alnyp barylan anyk işleriň netijeleri barada durup geçdi we geljekde amala aşyryljak işleriň ileri tutulýan ugurlaryny belledi.

Duşuşykda 2023-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 4 sany halkara resminama gol çekilendigi, türkmen halkynyň baý medeni we tebigy mirasyny gorap saklamaga, olaryň halkara derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň geçirilendigi barada bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça geçirilen bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birliklerindäki wekilçiligini artdyrmaga gönükdirilen işleriň çäklerinde guramanyň Bedentertiýe we sport baradaky Hökümetara komitetine (CIGEPS) 2023-2027-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy.

Şeýle-de, ÝUNESKO-nyň UNITWIN maksatnamasy hem-de Assosirlenen mekdepler tory ugry boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy we orta bilim mekdepleriniň 6-sy Guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy UNESCO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edildi.

2-2.jpg

Geçen ýylda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna we Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda bu Gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar mejlisiň gün-tertibinde duran möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar we 2024-nji ýylda ÝUNESKO bilen bilelikde geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görmegiň ähmiýetine üns çekdiler.

Mejlisiň barşynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026