HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda bitewi wagt guşaklygy giriziler

Ýanwar 21, 2024 | 10:21 |8846
1-nji martda Gazagystanda bitewi sagat guşaklygy giriziler. Bu barada ýurduň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.1-nji martda Gazagystanda bitewi sagat guşaklygy giriziler. Bu barada ýurduň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: umihelp.com

1-nji martda Gazagystanda bitewi sagat guşaklygy giriziler. Bu barada ýurduň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

“Üýtgeşmelere laýyklykda 2024-nji ýylyň 1-nji martynda 00:00 sagatdan başlap, ýurduň çäginde bitewi sagat guşaklygy girizilýär. Şeýlelikde, gazagystan Respublikasynyň çäginde bäşinji sagat guşaklygy (UTC+5) ulanylar diýlip habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda Gazagystanda iki sagat guşaklygy-- UTC+5 we UTC+6 ulanylýar. Günbatar sebitlerden başga ýurduň köp bölegi UTC+6 zolagynda ýerleşýär.

Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň 29-njy fewralyndan 2024-nji ýylyň 1-nji martyna geçilýän gijede sagat (00:00) Astana, Almaty, Şymkent şäherlerinde, Akmolla, Almaty, Žambyl, Karaganda, Kostonaý, Pawlodar, Demirgazyk-Gazagystan, Türkistan, Gündogar-Gazagystan, Abaý, Žetysu we Ulytau oblastlarynda sagat dilleri bir sagat yza süýşüriler.

Gazagystanda wagty üýtgetmek meselesini öwrenmek boýunça barlag işleri 2020-nji ýyldan bäri alnyp barylýar. 2023-nji ýylda alymlaryň we bilermenleriň gatnaşmagynda ýörite iş topary döredildi.

Toparyň agzalarynyň pikirine görä, bitewi sagat guşaklygynda ýurduň sebitleriniň aglabasy tebiga has ýakyn wagt ulanylar. Mundan başga-da, bitewi sagat guşaklygy ulaglaryň gatnaw tertibini utgaşdyrmagy gowulandyrmaga ýardam berer hem-de döwlet edaralarynyň we ýörite gulluklaryň özara hereketlerine oňyn täsirini ýetirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026