HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmengeologiýa" agyz suw ýataklaryny gözlemek işlerini alyp barýar

Ýanwar 20, 2024 | 00:38 |8563
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň işgärleri Türkmenistanyň sebitleriniň çäginde agyz suw ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça işleri geçirýärler.“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň işgärleri Türkmenistanyň sebitleriniň çäginde agyz suw ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça işleri geçirýärler.
Çeşme: popsci.com

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň işgärleri Türkmenistanyň sebitleriniň çäginde agyz suw ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça işleri geçirýärler. Wise-premýer Batyr Amanow döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerasty suwlary gözlemek işleriniň alnyp barylýandygyny anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gidrogeologlaryň täze agyz suw ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça alyp barýan işleriniň möhümdigini belläp, bu meselede netijeli işleriň geçirilmelidigini we zerur bolan halatynda, korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagy tabşyrdy.

Suw meselesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hasabatynda hem durlup geçildi. Ol oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, suw howdanlarynda suw toplamak, suwdan rejeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda degişli çäreleriň görülýändigini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026