Türkmenistanda aspirantura we doktorantura dalaşgärler üçin birnäçe ylym maslahatlar geçiriler


Türkmenistanda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärler üçin “Berkarar Watanymyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmakda ýokary hünär derejeli ylmy işgärleriň orny”, “Ýokary hünär derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak-berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kepili” atly ylmy amala maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň başlygy Gülälek Annanepesowa “Türkmenistan” gazeti üçin beren interwýusynda aýtdy.
Filologiýa ylymlarynyň kanditatynyň bellemegine görä, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag institutlary bilen bilelikde “Dissertasiýa işlerini taýýarlamagy kämilleşdirmegiň meseleleri”, “Ylmy işleri ýazmak boýunça döwrebap çözgütler”, “Ylmy žurnallar üçin ylmy makalalary ýazmagyň usullary” atly okuw sapaklaryny geçirmegiň mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, dissertasiýa işlerini ýazmagy kämilleşdirmek, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin dalaşgärleriň we olaryň ylmy ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli okuw maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklamak baradaky Buýruga gol çekdi.
ORIENT news








