Türkmenistan ýyladyşhana pomidorynyň daşarky bazarlara iberilişini artdyrýar


“EastFruit” neşiriniň bilermenleri Türkmenistanyň ýyladyşhana işewürliginiň çalt depginde öz gerimini giňeldýändigine birnäçe gezek ünsi çekdiler. Şeýle sözler bilen Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň gök önüm we miwe önümçilik işewürligi boýunça halkara maglumat-seljeriş meýdançasynyň nobatdaky makalasy başlanýar.
Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän pomidoryň dünýäde sarp edilişiniň barha artýandygy barada bu neşir öň hem birnäçe gezek ýazypdy. Hususanda, elýeterli bahaly tebigy gazyň hasabyna ýakyn geljekde pomidor ýyladyşhanalarynyň çägini 2 esse artdyryp bolar. Şeýle hem Türkmenistanyň tebigy gaza elýeterliligi pes bolan Özbegistanyň ýyladyşhana önümçiliginiň halkara bazarynda eýeleýän ornuny barha gysýandygy barada aýdyldy.
“Şeýle-de bolsa, ýyladyşhana gök önümleriniň satuw möwsüminiň iň ýokary döwründe türkmenistanly pomidor öndürijileriň daşary ýurt bazarlarynda diňe bir özbegistanly kärdeşleri bilen bäsleşmeýändigini, eýsem Özbegistanyň öz bazaryny hem pomidor bilen üpjün edip başlandygy barada maglumat berilýär. Bu maglumatlar häzirlikçe resmi taýdan tassyklanylmasa-da, söwda çeşmeleri munuň şeýledigini aýdýar.
Aslynda, türkmenistanly önüm öndürjileriň özbek bazaryny hem üpjün edip başlandygy geň galyp oturasy zat däl. Sebäbi, Özbegistanyň içerki bazaryndaky bu gök önümleriň lomaý bahalary häzirki wagtda rekord derejä ýetdi. Bu ýurtda häzir pomidoryň 1 kilogramy üçin ortaça 2 ABŞ dollaryndan gowrak pul tölenýär. Bu baha geçen ýyldakydan 40 göterim, gyş möwsümi bilen deňeşdireniňde bolsa, 2 essä golaý ýokarydyr.

“Podrobno.uz” neşiriniň bellemegine görä, häzirki wagtda Özbegistandan ýyladyşhana pomidorynyň bahasy ozal Russiýa eksport edilýän bahadan hem has ýokarydyr. Bellenişi ýaly, häzirki wagtda türkmenistanly önüm öndürijileriň önümleri özbek bazarynda bäsdeşlige ukyplydyr. Özbek neşirinde bellenişi ýaly, diňe bir tebigy gaz däl-de, eýsem hatda gyş möwsüminde hem suwuň durnukly üpjün edilmegi Türkmenistanda öndürilýän pomidoryň özbegistanly önüm öndürijileriňkiden arzan bolmagyna getirýär. Bu pikir howany öwreniji alymlaryň garaýşydyr.
Ýakynda geçirilen ylmy barlaglaryň netijelerine görä, Türkmenistan sebit derejesinde ýyladyşhana pomidorynyň eksportyny çalt depginde ýokarlandyrýan ýurtdur. Bellenişi ýaly, ýakynda wagtda Türkmenistan Russiýa pomidor eksport etmekde Özbegistandan öňe geçip biler.
ORIENT news








