HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

German üpjün edijisi Türkmenistanyň tehniki uglerod öndüriji kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşdy

Ýanwar 18, 2024 | 21:46 |9645
Germaniýanyň tehniki uglerod üpjün ediji “PentaCarbon” kompaniýasy “Eziz Dag” atly türkmen hususy kärhanasy bilen ylalaşyk baglaşdy.Germaniýanyň tehniki uglerod üpjün ediji “PentaCarbon” kompaniýasy “Eziz Dag” atly türkmen hususy kärhanasy bilen ylalaşyk baglaşdy.
Çeşme: turkmen-carbon.com

Germaniýanyň tehniki uglerod üpjün ediji “PentaCarbon” kompaniýasy “Eziz Dag” atly türkmen hususy kärhanasy bilen ylalaşyk baglaşdy. Onuň netijesinde, türkmen kärhanasynda öndürilen “N990” görnüşli termiki we tehniki uglerody ýewropa bazarlaryna iberiler. Bu barada dünýäniň himiýa we nebithimiýa bazaryny öwrenýän “ChemAnalyst” neşiri habar berýär.

German kompaniýasy esasy başlangyç hökmünde “Eziz Dag” bilen bilelikdäki taslamanyň bazara termiki uglerod önümçilik goşmaça kuwwatlyklary getirýändigini belleýär.

“TürkmenKarbon” önümçilik kärhanasy ýylda 10 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge ukyplydyr. Bu köptaraply çig mal rezin, plastmassa önümçiliginde we gurluşykda giňden ulanylýar.

Önümçilik gerimini giňeltmek bilen “Eziz Dag” topary ýakynda Mary sebitinde täze uglerod önümçilik zawodyny açdy. Bu döwrebap desga ýylda 3 müň tonna önüm öndürip, degişli bazaryň isleglerini kanagatlandyrar.

German we türkmen kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyk diňe bir ýewropa bazaryny tehniki uglerod bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, gaz rezin önümçiligi üçin hem möhüm binýady emele getirýär. Germaniýa Ýewropa bazarynda tehniki uglerody esasy sarp edijidir. Tehniki uglerod bu ýurtda esasan, teker we rezin önümçiliginde ulanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026