HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri serhetden ýük geçirmelerini ýeňilleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar

Ýanwar 18, 2024 | 16:53 |6479
Türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde, bu ýerde hereket edýän edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň serhet wekilleriniň duşuşygy geçirildi.Türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde, bu ýerde hereket edýän edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň serhet wekilleriniň duşuşygy geçirildi.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde, bu ýerde hereket edýän edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň serhet wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy mälim edýär.

Türkmen tarapdan wekiliýete Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri A.Nyýazow, Eýran tarapyndan wekiliýetine «Lotfabad» gümrük nokadynyň başlygy jenap Korban Karimi ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmen wekiliýeti gümrük, migrasiýa, serhet gulluklarynyň, «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekillerinden, «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň direktoryndan ybarat boldy. Duşuşyga, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Taraplar «Artyk-Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň özara ýük daşamalar babatda mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça meselelere garadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu gümrük nokatlarynda işleýän edaralaryň wekilleriniň iş wagtyny uzaltmak meselesine, sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesi hem-de ulag çykdajylary bilen bagly meselelere seredildi. Şeýle-de duşuşygyň gün tertibine iki gümrük nokatlaryň arasyndaky iki serhet derwezesiniň arasyndaky ýoluň eýran tarapyndaky bölegini abatlamak teklibi girizildi.

Ara alnyp maslahatlaşylan ähli meseleler boýunça özara ylalaşyga gelindi we taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026