Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ŞHG-de Ekologiýa ýyly başlandy

Ýanwar 18, 2024 | 11:01 |9694
Gazagystanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ŞHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Ekologiýa ýylyna badalga berildi.Gazagystanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ŞHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Ekologiýa ýylyna badalga berildi.
Çeşme: inform.kz

Gazagystanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ŞHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Ekologiýa ýylyna badalga berildi. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Aýbek Smadiýarowyň sözlerine salgylanyp, “Sinhua” habarlar agentligi mälim edýär.

Onuň sözlerine görä, guramanyň Sekretariatynyň bilim edaralarynda dürli tematiki çäreleri guramagy bilen badalga alar.

Taslamanyň çäginde daşky gurşaw guramalary bilen bilelikde Bütindünýä daşky gurşaw gününe, Bütindünýä suw gününe, Halkara biologiki dürlüligiň gününe we Bütindünýä tokaý gününe bagyşlanan 20 töweregi çäräni geçirmek meýilleşdirilýär.

“Gazagystanyň başlyklygynda öňe sürlen çärelere BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde guramanyň goşan uly goşandy hökmünde garaýarys” diýip, Smadiýarow belledi. Ol şeýle hem Gazagystanyň ŞHG-niň daşky gurşawyň goramak boýunça kabul eden wezipelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek işlerini geljekde hem ilerletjekdigini belledi.

ŞHG-de 2024-nji ýyly Ekologiýa ýyly diýip yglan etmek baradaky Gazagystanyň başlangyjy gurama agza ähli döwletler tarapyndan goldanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026