Türkiýäniň Gara deňiz kenary 2024-nji ýylda baryp görmek üçin iň gowy ýerleriň sanawyna girizildi


“CNN Travel” neşiri jahankeşdeleriň pikir-garaýyşlaryna salgylanyp, Türkiýäniň Gara deňiz kenaryndaky haýran galdyryjy sebiti 2024-nji ýylda baryp görmek üçin iň gowy ýerleriň sanawyna girizdi. Gara deňiz sebiti we onuň kenary özüniň gaýtalanmajak geografik ýerleşişi, howasy, taryhy ýerleri, gizlin geçelgeleri hem-de datly çaýy bilen tapawutlanýar.
Türkiýäniň tebigy we taryhy syýahatçylyk ugry
Zümerret daşy kimin ýaşyl öwüsýän dag gaýalary we çuň deňziň gök suwlary bilen ýuwulýan kenarlary – ýurduň tapylgysyz baýlygydyr. Bu sebit özüniň baý medeni mirasy, tebigy gözelligi we dürli işjeň syýahatçylyk güýmenjeleri bilen jahankeşdeleri özüne çekýär. Gara deňziň kenary boýunça uzap gidýän ýol özüniň täsin tebigy gözelligi bilen haýrana goýýar.

Sebitiň deňiz ýakasyna syýahat etmek özi bilen, gadymy berkitmeleri, täsin kenarlary we deňiz duralgasynyň golaýyndaky asuda balykçylyk obalaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu ýer welosiped sürmegi halaýanlar üçin-de ajaýyp ýerdir. Gara deňiz sebitiniň zümerret reňkinde öwşün atýan tokaýlary, ajaýyp şarlawuklary, kert gaýalary rafting, trekking, alpinizm bilen gyzyklanýanlary özüne çekýär.
Gadymyýetden gaýdýan dürli medeniýetleriň ýüze çykan mekany bolan Gara deňiz sebiti baý taryha we medeni mirasa eýedir. Bu ýerde 4-nji asyrda esaslandyrylan Sümeliň ybadathanasy, deňiz derejesinden 750 metr beýiklikde ýerleşýän Zil galasy, Bandyrma gämi muzeýi (Bandırma Gemi Müzesi), milli göreşiň ýüze çykan şäheri, Ýason burny, Altynpost baradaky rowaýatlaryň dörän ýeri bar.

Bulutly howasy we täsin gadymy oba durmuşy bilen tapawutlanýan Gara deňiz sebiti özüniň kiçijik şäherleri bilen-de bellidir. Şeýle şäherleriň hataryna ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Safranbolu, taryhy öýleri bilen tapawutlanýan Kastamonu, Mudurnu we Goýnuk, Sittaslow, täsin tebigaty bilen tapawutlanýan Amasra şäherleri bar.
Gara deňziň täsin aşhanasy
Gara deňiz sebitiniň ýagyşly howasy we bereketli topragy bu ýerde täsin aşhana medeniýetiniň kemala gelmegine hem şert döredipdir. Kelem, mekgejöwen, şugundyr ýaly bu ýerde köp ösdürilýän azyk önümleri ýerli aşhananyň hem esasy düzümini tutýar. Bu sebitde ösdürilip ýetişdirilýän tagamly tokaý hozy we çaýy hem giňden bellidir. Ýurduň iň tagamly tokaý hozy esasan-da, bu sebitiň Ordu we Giresun diýen ýerlerinde ýetişdirilýär. Ýurduň çaý önümçiliginiň 60 göterimi Rize sebitine degişlidir. Çaý Türkiýede diňe bir suwsuzlygy gandyrýan içgi bolman, ol ýerli medeniýetiň we durmuşyň aýrylmaz bölegidir. Beýnini durlaýan, bedene rahatlyk eçilýän çaý türk halkynda giňden ýaýran içgi bolup, ol ertirlik naharynyň hem meşhur düzüm bölegidir.

Balyk, aýratynda Gara deňziň takgaz balygy ýerli ilatyň aşhanasynyň aýrylmaz bölegini emele getirýär. Kiçijik balyklar azyklyk guşlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin (hamsi kuşu), gowrulan balyk, balykly palow ýaly tagamlary taýýarlamak üçin peýdalanylýar.
Pide nahary hususan-da, onuň Samsun sebitinde taýýarlanýan görnüşi aýratyn-da lezzetlidir. Gara deňiz sebitiniň Samsun, Bafra, Çarşamba we Terme etraplary bu tagamyň dürli görnüşlerini we onuň et hem-de peýnir ýaly düzümlerini hödürleýär.
ORIENT news








