HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

RF-iň Merkezi saýlaw topary: köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş çäreleri 17-nji fewralda başlaýar

Ýanwar 18, 2024 | 07:02 |8632
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş çäreleri 17-nji fewralda başlaýar we 14-nji marta çenli dowam edýär.Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş çäreleri 17-nji fewralda başlaýar we 14-nji marta çenli dowam edýär.
Çeşme: opalania.ru

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş çäreleri 17-nji fewralda başlaýar we 14-nji marta çenli dowam edýär.

Bu barada Russiýanyň MST-niň başlygy Ella Pamfilowa habar berýär diýip RIA Nowosti habar berdi.

Şeýle hem Ella Pamfilowa kanunyň talabyna laýyklykda, wagyz ediş materiallaryň saýlaw gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna tölenen we saýlaw toparyna deslapdan tanyşdyrylan ýagdaýynda dalaşgär tarapyndan ýaýradylyp bolýandygyny belledi.

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlary 2024-nji ýylyň 17-nji martyna bellenildi. Ses bermek çäresi üç gün-15, 16 we 17-nji martda geçiriler.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanyny wezipesine 11 adam dalaşgärlik edýär. RF-iň Merkezi saýlaw topary üç dalaşgäri-Leonid Sluskni, Nikolaý Haritonowy we Wladislaw Dawankowy bellige aldy. Olaryň parlamentdäki syýasy partiýalaryň wekilleridigini nazara almak bilen, olara özlerini goldaýanlaryň gollaryny ýygnamak hökman däl. Parlamentde orny bolmaýan syýasy partiýalardan dalaşgärler Sergeý Malinkowiçe, Boris Nadeždine, Andreý Bogdanowa, Sergeý Baburine, Irina Swiridowa 31-nji ýanwara çenli Merkezi saýlaw toparyna iň azyndan ýüz müň gol görkezmek gerek. Özbaşdan dalaşgärler Wladimir Putine, Rada Russkih we Anatoliý Bataşewa bolsa azyndan üç ýüz müň gol görkezmek gerek.

Merkezi saýlaw topary ähli dalaşgärlere bellige almak baradaky çözgüdi 10-njy fewraldan gijä galman kabul etmeli.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026