FIFA Futzal boýunça dünýä çempionatyny Merkezi Aziýa döwletlerinde ýaýlyma bermek boýunça bäsleşik yglan etdi


Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda erkekleriň arasynda geçiriljek futzal boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaýlyma bermek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada “Sportcal” neşiri habar berýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 30-njy ýanwara çenli kabul edilýär. Oňa diňe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary gatnaşyp bilerler.
2026-njy ýylda geçiriljek futzal boýunça dünýä çempionaty Meksikada, ABŞ-da we Kanadada geçiriler. Oňa iň köp mukdarda futzal toparlary gatnaşarlar. Deňeşdirme hökmünde mysal getirenimizde, Katar Döwletinde geçirilen çempionata 32 futzal topary gatnaşypdy. Çempionata gatnaşyjy toparlaryň köpeldilmegi netijesinde, nobatdaky oýunlara Aziýa materiginden 8 topar gatnaşmaga we 1 topar hem pleý-off oýunlaryny geçirmäge hukuk gazandy.
Mundan ozal, nobatdaky dünýä çempionata gatnaşmak üçin Aziýa materiginden diňe 4 topara orun berlipdi. Bu toparlaryň hem biri hem pleý-off oýunlaryny geçirmelidi.
ORIENT news








