HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Merkezi Aziýa halkara institutynyň direktory bilen duşuşdy

Ýanwar 16, 2024 | 23:20 |7039
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow Merkezi Aziýa halkara institutynyň direktory Žawlan Wahabow bilen duşuşdy. Duşuşykda özbek-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň gelekki ugurlary maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow Merkezi Aziýa halkara institutynyň direktory Žawlan Wahabow bilen duşuşdy. Duşuşykda özbek-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň gelekki ugurlary maslahatlaşyldy.
Çeşme: iica.uz

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow Merkezi Aziýa halkara institutynyň direktory Žawlan Wahabow bilen duşuşdy. Duşuşykda özbek-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň gelekki ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljegi garadylar. Şeýle hem iki ýurduň bilermenleriniň we seljeriş toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy goşmak bilen ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşdylar.

Taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň umumy taryhyň we medeni gymmatlyklaryň berk binýadyna esaslanýandygyny aýtdy. Söhbetdeşler ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine-de ünsi çekdiler: geçen ýylda söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagy, Şawat-Daşoguz serhet söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikde alnyp barlan işler, şeýle hem ýurtlaryň ulag-logistika torlaryny we köpugurly ulag geçelgelerini döretmekdäki özara gyzyklanmasy bellendi.

Duşuşygyň ahyrynda Merkezi Aziýa halkara institutynyň direktory we türkmen diplomaty ylmy ugurda we bilermen alyş-çalyşlaryny işjeňleşdirmek maksady bilen iki ýurduň hem-de daşary ýurtlaryň alymlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri we “tegelek stol” maslahatlaryny geçirmegi ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026