HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy: dünýäde temmäki ulanýanlaryň sany azalýar

Ýanwar 16, 2024 | 22:39 |4167
Soňky iki ýylda dünýäde temmäki ulanýanlaryň sany 19 million adam azaldy. Häzirki günde bu görkeziji 1,25 milliard adama deňdir.Soňky iki ýylda dünýäde temmäki ulanýanlaryň sany 19 million adam azaldy. Häzirki günde bu görkeziji 1,25 milliard adama deňdir.
Çeşme: rspp.ru

Soňky iki ýylda dünýäde temmäki ulanýanlaryň sany 19 million adam azaldy. Häzirki günde bu görkeziji 1,25 milliard adama deňdir.

Bu barada BSGG-niň saglygy pugtalandyrmak meseleleri boýunça departamentiň ýolbaşçysy doktor Rýudiger Kreh habar berdi hem-de dünýäniň ilatynyň sanynyň barha artýandygyna garamazdan, şeýle ýagdaýa ilkinji gezek duş gelinýändigini belledi.

Temmäkiniň ulanylyşynyň pese düşmegi dünýäniň 150 ýurdunda duş gelýär.

BSGG-niň maglumatlaryna görä, temmäkiniň ulanylyşynyň peselmeginiň iň ýokary depginleri girdeji derejesi ortaçadan pes bolan ýurtlarda bolup geçýär. 20 ýyl mundan ozal bu görkeziji şol ýurtlarda iň ýokarylaryň biridi.

Temmäki ulanýan adamlaryň iň köp sanlysy Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda ýaşaýar (ilatyň 26,5 göterimi). Ýöne hut şu sebitde hem nikotiniň ulanylyşy iň çalt depginler bilen peselýär.

Ýewropada bu görkeziji 25,3 göterime deňdir.

Afrikada häzirki wagtda temmäkiniň ulanylyşynyň iň pes derejesini görmek bolýar. 2000-nji ýylda bu görkeziji 18 göterim bolan bolsa, 2022-nji ýylda ol 10 göterime deň boldy. Günbatar-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryndan hem temmäkiniň ulanylyşy azalýar.

Günorta we Demirgazyk Amerika sebitiniň ýurtlarynyň 3-den birinden gowragy 2030-njy ýyla çenli temmäkiniň ulanylyşyny azaltmak boýunça 30 göterim derejä ýetmäge ýakynlaşýarlar. Şeýlelikde, bu sebit Afrikadan soňra maksatlaýyn görkezijilere ýetmäge ukyply ýurtlaryň sany boýunça ikinji orny eýeleýär.

Gündogar Ortaýer deňzi sebiti temmäkiniň ulanyjylaryň sanynyň artmagyna garaşylýan ýeke-täk sebitdir.

Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşmek boýunça tagallalary Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ençeme gezek bellenildi. Ýurdumyzda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýylllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy hem-de tassyklanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026