Lionel Messi ýene-de dünýäniň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi


Argentinanyň futbolçy “Inter Maýaminiň” hüjümçisi Argentinanyň ýygyndy toparynyň kapitany Lionel Messi FIFA-nyň wersiýasy boýunça ýene-de dünýäde ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Messi bu baýragy özüniň sport tejribesinde eýýäm üçünji gezek alýar. Şeýlelikde, ol bu görkeziji boýnça “Al-Nasryň” Portugaliýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kriştian Ronalddan öňe geçdi.
36 ýaşly argentinaly oýunçy 48 utuk gazandy. Norwegiýanyň ýygyndy toparynyň we Angliýanyň “Mançester Siti” futbol toparynyň hüjümçisi Erling Holannyň hem 48 utugy bar. Ýöne Messi sowalnama gatnaşan milli ýygyndy toparlarynyň kapitanlarynyň birinji ýerleriniň sany boýunça norwegiýaly oýunçydan öňe geçdi.
Şeýle hem bu baýrak üçin “pari Sen-Žermen” klubunyň hüjümçisi Kilian Mbappe dalaşgärlik etdi.
Ispaniýanyň ýygyndy toparynyň we “Barselonanyň” kapitany Aýtana Bonmati geçen ýylyň iň gowy zenan futbolçysy diýlip yglan etdi. “Mançester Sitiniň” tälimçisi ispaniýaly Hosep Gwardiola erkekleriň futbol toparlarynyň iň gowy tälimçisi, Angliýanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi niderlandly Sarina Wigman bolsa zenan toparlaryň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi.
Braziliýanyň “Botafogo” toparynyň ýarym goragçysy Gilýerme Madruga iň owadan goluň awtory diýlip ykrar edildi.
FIFA-nyň wersiýasy boýunça 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysyna The West Men`s Player baýragyny gowşurnmak dabarasy London şäherinde geçirildi. Bu baýrak 2016-njy ýylda esaslandyryldy.
ORIENT news








