Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik missiýasyny tamamlaýar


Sişenbe güni, 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistanyň ilçisi Widhu Pithambaran Nairyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda söhbetdeşler energetika, syýasat we ykdysadyýet ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi jemlediler.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy we türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösmegi üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.
ORIENT news








