HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikan we türkmen mugallymlary iňlis dilini öwretmegiň soňky tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Ýanwar 16, 2024 | 18:42 |9359
ABŞ-nyň Ilçihanasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän TESOL konferensiýasy geçen hepde Aşgabatda tamamlandy. Türkmenistanyň dürli künjeginden 250 iňlis dili mugallymy we Halkara TESOL birleşiginiň amerikan hünärmenleri Halkara ynasanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bu çärä gatnaşmak üçin ýygnandylar. Bäş günüň dowamynda, täze tehnologiýalardan başlap, inkluziw synp tejribelerine çenli dil öwrenmekdäki iň täze innowasiýalar boýunça seminarlar geçirilip, konferesiýa gatnaşyjylar iňlis dilini öwretmekde innowasion usullar barada tejribe alyşdylar.ABŞ-nyň Ilçihanasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän TESOL konferensiýasy geçen hepde Aşgabatda tamamlandy. Türkmenistanyň dürli künjeginden 250 iňlis dili mugallymy we Halkara TESOL birleşiginiň amerikan hünärmenleri Halkara ynasanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bu çärä gatnaşmak üçin ýygnandylar. Bäş günüň dowamynda, täze tehnologiýalardan başlap, inkluziw synp tejribelerine çenli dil öwrenmekdäki iň täze innowasiýalar boýunça seminarlar geçirilip, konferesiýa gatnaşyjylar iňlis dilini öwretmekde innowasion usullar barada tejribe alyşdylar.
Çeşme: USEmbassy Ashgabat PAS

ABŞ-nyň Ilçihanasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän TESOL konferensiýasy geçen hepde Aşgabatda tamamlandy. Türkmenistanyň dürli künjeginden 250 iňlis dili mugallymy we Halkara TESOL birleşiginiň amerikan hünärmenleri Halkara ynasanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bu çärä gatnaşmak üçin ýygnandylar. Bäş günüň dowamynda, täze tehnologiýalardan başlap, inkluziw synp tejribelerine çenli dil öwrenmekdäki iň täze innowasiýalar boýunça seminarlar geçirilip, konferesiýa gatnaşyjylar iňlis dilini öwretmekde innowasion usullar barada tejribe alyşdylar.

1.JPG

Konferensiýany ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Maral Kuliýewa we Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory Baýram Bäşimow bilelikde açdylar.

2.JPG

"Mugallymlar hökmünde häzirki dünýä ykdysadyýetinde iňlis diliniň ähmiýetini bilýärsiňiz. Öňümizdäki bäş günüň dowamynda iň täze usulyýetler, iň täze innowasiýalar we dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmekde ýüze çykýan meseleler barada eşidersiňiz"-diýip, Ilçi Klimow 8-nji ýanwardaky açylyş dabarasynda belledi.

3.jpg

Ilkinji gezek geçirilýän bu konferensiýa ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda bilim pudagynda, esasanam, iňlis dilini öwretmekde dowam edýän hyzmatdaşlyga esaslanýar. Bu hyzmatdaşlyk alyş-çalyşlary, seminarlary we Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda ABŞ-ly professorlaryň mugallymçylyk işini hem öz içine alýan dürli formatlarda amerikan we türkmen hünärmenlerini bir ýere jemleýär.

4.JPG

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026