Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmen alymlary grek hozunyň ýapragyndan derman aldylar

Ýanwar 16, 2024 | 17:41 |6025
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa bölüminiň müdiri A.Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda biologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Akmyradow Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk biologiýasy we genetika kafedrasynyň mugallymy H.Ataýew grek hozunyň ýapragyndan alnan garyndyny mikrokapsulaşdyrmak işini amala aşyrdylar.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa bölüminiň müdiri A.Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda biologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Akmyradow Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk biologiýasy we genetika kafedrasynyň mugallymy H.Ataýew grek hozunyň ýapragyndan alnan garyndyny mikrokapsulaşdyrmak işini amala aşyrdylar.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa bölüminiň müdiri A.Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda biologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Akmyradow Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk biologiýasy we genetika kafedrasynyň mugallymy H.Ataýew grek hozunyň ýapragyndan alnan garyndyny mikrokapsulaşdyrmak işini amala aşyrdylar.

Bellenişi ýaly, bu garyndy derman, azyk, kosmetiki we arassalaýjy serişdeleriň önümçiliginde peýdalanylyp bilner. Organiki kislotalar, şol sanda ellagowiý we kofeýniý agyry dörediji we bakteriýalary we mikroorganizmleri ýok edýär. Türkmenistanda bu derman garyndysyny öndürmegiň baý geljegi bar. Sebäbi türkmen tebigatynda grek hozunyň 20 – 40 aralygyndaky görnüşleri ösýär.

Dermanlyk garyndyny mikrokapsulamagyň esasy maksady, dürli sintetiki birleşmeleri, ýaglary we dargadyjylary öz içine almaýan adam saglygy üçin peýdaly derman serişdeleri öndürmekden ybaratdyr. Şeýle dermanlarda ynsan bedeni üçin köp sanly peýdaly maddalar goşulýar.

Derman garyndysyny ýasamak üçin grek hozunyň ýapragy Günbatar Köpetdagda ýerleşýän Garaýalçy dag jülgesinden getirildi. Ylmy taslamanyň başlygy A.Rahmanowanyň sözlerine görä, ylmy işde akademik, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy gollanmasyndaky gymmatly ylmy maglumatlar peýdalanyldy.

Derman serişdesi döräp biljek ýürek-damar keselleriniň, hroniki egzemanyň, dermatomikozanyň, ekssudatiw diateziň, skrofuleziň, rahitiň, iriňli ýaralaryň, çaga örgüniniň, furunkulanyň, karbunkulanyň we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almakda netijelidir.

Täze derman serişdesi kislotalara, wiruslara we mikroblara garşy, antiparazit, antitora we immunizasiýa täsirlerine eýedir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026