Özbegistanda telekeçileriň durnuklylyk derejesi kesgitlener


Özbegistanda telekeçileriň durnuklylyk derejesini kesgitleýän reýting sanawyny kesgitleýän ulgam giriziler. Bu barada Prezident Şawkat Mirziýoýewiň telekeçiler bilen geçiren duşuşygyna salgylanyp, Özbegistanyň Milli habarlar agentligi mälim edýär.
Bu reýtingiň çäginde ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri her biri 23 düzgünden ybarat 4 topara bölüner. Şeýlelikde, bu toparlara degişlilik derejesi hususy kärhanadaky işiň dowamlylygyna, düşewüntlilik derejesine, töleg düzgünine, ilatyň iş üpjünçiligine gatnaşmak derejesine we işgärlere berýän aýlyk mukdary göz öňünde tutulyp kesgitlener.
Bu reýting sanawy salgyt we kazyýet edaralarynyň, adalat edaralarynyň maglumatlarynyň esasynda düzüler.
Reýtingi ýokary bolan telekeçiler ähli salgyt barlaglaryndan boşadylar we goşulan baha üçin salgydyň mukdary 24 sagadyň dowamynda, beýleki salgyt görnüşleri bolsa üç günüň dowamynda yzyna gaýtarylar.
Şeýle hem, telekeçiler haryt import edilende we satylanda gümrük hem-de salgyt gullugy tarapyndan goşulan baha üçin salgydy elektron tölemäge mümkinçilik alarlar.
Döwlet emläginiň we bäsleşikli söwdada alnan ýerleriň bahasyny tölemegiň möhleti 3 ýyldan 5 ýyla çenli uzaldylýar. Ýeňillikli bir gezek karz alnanda, onuň 15 göterim möçberi tölenen ýagdaýynda, galan bölek üçin goşmaça göterim tölegi alynmaz.
Goşmaça ýeňillikler we artykmaçlyklar ýokardaky reýtinge esaslanyp üpjün ediler. Bu işler has netijeli işleýän telekeçileriň sanyny artdyrmaga we olar üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem bu reýting sanawy telekeçilere hyzmatdaşlary barada anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer.
Telekeçiniň durnuklylyk derejesini bahalandyrmak platformasyny 1-nji martda işe girizmek meýilleşdirilýär. Prezident Şawkat Mirziýoýew bu reýting sanawyny düzmekde Telekeçiligi goldamak boýunça jemgyýetçilik geňeşiniň bitiren aýratyn hyzmatyny belledi.
ORIENT news








