HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri kenarýaka ekosistemalarynyň geosfera inženerçiligini öwrenýärler

Ýanwar 16, 2024 | 00:53 |9708
"Kenarýaka ekosistemalaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça geosera inženerçiligi boýunça täze okuwlar" - 4-13-nji ýanwar aralygynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarynyň onlaýn görnüşde gatnaşan master-sapaklarynyň we maslahatynyň ady şeýle atlandyryldy."Kenarýaka ekosistemalaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça geosera inženerçiligi boýunça täze okuwlar" - 4-13-nji ýanwar aralygynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarynyň onlaýn görnüşde gatnaşan master-sapaklarynyň we maslahatynyň ady şeýle atlandyryldy.
Çeşme: orient.tm

"Kenarýaka ekosistemalaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça geosera inženerçiligi boýunça täze okuwlar" - 4-13-nji ýanwar aralygynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarynyň onlaýn görnüşde gatnaşan master-sapaklarynyň we maslahatynyň ady şeýle atlandyryldy.

Bu çäre, ЕС Erasmus+ maksatnamasynyň - NICOPA “Takyk oba hojalygynda täze innowasiýa kurslary” halkara taslamalary we GEOCLIC “Kenarýaka ekosistemalaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça geosera inženerçiligi boýunça täze okuwlar” bilen TOHU-niň türkmen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda utgaşdyryjy bolup durmagynda alnyp barylýan dialogyň dowamy boldy.

Bu maksatnamalaryň bir bölegi hökmünde, TOHU mugallymlar toparynyň hünärlerini ýokarlandyrmak maksady bilen y oba hojalygy boýunça ýokar bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň gatnaşýar.

2023-nji ýylyň awgust aýynda TOHU mugallymlary Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen “Kenarýaka ekosistemalary howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça geosfera inženerçiligi ulgamynda täze gözlegler” atly seminara we ýanwar aýynda geçirilen täze okuwlar boýunça hünär çekişmelerini çuňlaşdyrdy.

Master-sapaklaryna we maslahata Gediminas adyndaky Wilnýus tehniki uniwersitetiniň, Twente uniwersitetiniň (Niderlandlar Patyşalygy), Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň professor-mugallymlary şeýle hem, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň ÝOM-leriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuwlaryň çäginde, talyplaryň karýerasyna, halkara taslamalaryna, halkara bilimindäki täzeliklere, “Daşky gurşawa täsire baha bermek”, “Daşky gurşaw prosesleriniň modelleri we dolandyryş”, “Innowasion önümleriniň täjirleşdirilmegi, geljekki inženerler üçin startap-başlangyçlary”, “Ekologiki dizaýn” ugurlary boýunça gaýtadan taýýarlyk kurslaryna gönükdirilen strategiki hyzmatdaşlyk sapaklary geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026