HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň ilçihanasy “Fulbraýt TEA” maksatnamasy boýunça arzalary kabul edýär

Ýanwar 15, 2024 | 23:54 |6317
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-2025-nji ýyllar üçin Fulbraýt mugallymçylyk ussatlygy maksatnamasyna (Fulbraýt TEA) gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berdi. Bu maksatnama mugallymlar üçin niýetlenendir we olara mugallymçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmaga, dersler boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga we ABŞ barada has köp zat öwrenmäge mümkinçilik berýär.ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-2025-nji ýyllar üçin Fulbraýt mugallymçylyk ussatlygy maksatnamasyna (Fulbraýt TEA) gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berdi. Bu maksatnama mugallymlar üçin niýetlenendir we olara mugallymçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmaga, dersler boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga we ABŞ barada has köp zat öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Çeşme: vn.usembassy.gov

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-2025-nji ýyllar üçin Fulbraýt mugallymçylyk ussatlygy maksatnamasyna (Fulbraýt TEA) gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berdi. Bu maksatnama mugallymlar üçin niýetlenendir we olara mugallymçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmaga, dersler boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga we ABŞ barada has köp zat öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Iňlis dili, daşary ýurt dilleri, žurnalistika, aragatnaşyk, jemgyýetçilik okuwlary ýa-da STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) derslerini öwredýän bäş ýyllyk iş tejribesi bolan orta mekdep ýa-da bilim merkezleriniň mugallymlary ýüz tutup bilerler. Saýlaw işini üstünlikli tamamlanlar 6 hepdelik Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna syýahat ederler we Amerikanyň ÝOM-leriniň birinde intensiw akademiki tälim alarlar, şeýle hem ABŞ-nyň orta mekdeplerinde amaly tejribe geçerler.

Goşmaça maglumatlary we tabşyrmak üçin zerur resminamalary ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda tapyp bilersiňiz. Arzalary tabşyrmagyň ahyrky möhleti - 16-njy fewral.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026