HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kalpda ýylylyk bolsa, aňzakly howa hem sowuk däl

Ýanwar 15, 2024 | 19:06 |6791
Şenbe güni Krakow şäheriniň öýsüz haýwanalara ideg edilýän edarasynyň işgärleri edaralarynyň öňünde giden adamyň üýşendigini görüp haýran galdylar.Şenbe güni Krakow şäheriniň öýsüz haýwanalara ideg edilýän edarasynyň işgärleri edaralarynyň öňünde giden adamyň üýşendigini görüp haýran galdylar.
Çeşme: KTOZ Schroniske in Krakow

Şenbe güni Krakow şäheriniň öýsüz haýwanalara ideg edilýän edarasynyň işgärleri edaralarynyň öňünde giden adamyň üýşendigini görüp haýran galdylar. Olaryň hemmesi howanyň sowamagynyň öňüsyrasynda bu ýerde saklanylýan haýwanlara wagtlaýyn ýa-da hemişelik hossar çykmaga gelen ekenler.

Bu wakadan bir gün öň, edaranyň işgärleri "Aýaz operasiýasy" ady bilen sosial ulgamlarda şäheriň ýaşaýjylaryna ýüzlenipdirler. Howanyň 20 gradusa çenli pese düşjek şertlerinde öýsüz haýwanlaryň saklanylýan ýerinde hemme haýwanlar üçin ýapyk şertdäki ýerleriň ýetmeýändigini, şonuň üçin-de kömek etmäge gyzyklanma bildirýän taraplara öý haýwanlaryna wagtlaýyn seretmek haýyşy bilen ýüzlenildi.

Öýsüz haýwanlaryň saklanylýan edarasy ilatdan jandarlaryň saklanylýan çägi giňeldilýänçä, wagtlaýynça öýlerine alyp gitmek mümkinçiligini sorady. Bu ýüzlenmä ýüzlerçe adam seslendi.

2 (1).jpg

Ertesi gün irden edaranyň öňünde dört aýakly "dostlaryny" hemişelik ýa-da wagtlaýyn alyp gitmäge gelen köp sanly adamy görenlerinde, işgärler öz seslerine şunça adamyň "jogap" hökmünde seslenendigine diýseň begendiler. Öýsüz haýwnalary täze eýelerine gowşurmak işi iki günläp dowam etdi.

“Şol günler işgärlerimiz we meýletinçilerimiz üçin diýseň kyn, şol sanda örän tolgundyryjy boldy. Öýsüz haýwanlara ideg edilýän ýere gelýänleriň sanynyň soňy ýokdy. Şeýle wakanyň şaýady bolmak örän ajaýyp" diýip, edaranyň işgärleri bellediler.

Ýekşenbe gününe çenli, ýagny iki günüň dowamynda jemi 123 it wagtlaýyn ýa-da hemişelik hossar tapyndy.

Täze it eýeleriniň sosial ulgamlarda bellemeklerine görä, olaryň köpüsi uzak wagtdan bäri öý haýwany edinmek isleýän eken. Sosial ulgamlarda giň ýaýran ýüzlenmäni gören adamlar bu isleglerini amala aşyrmaga herekete getiripdir.

"Aýaz" operasiýasyny geçiren adamlar çäräniň ahyrynda öý haýwanlaryna hossar çykan ähli adamlara minetdarlyk bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026