HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Suwasty internet kabeli Günorta Amerikany we Awstraliýany ilkinji gezek özara baglanyşdyrar

Ýanwar 15, 2024 | 14:35 |8330
Uzynlygy 14 müň 800 kilometre barabar kabel geçirijisi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň üstünden geçer.Uzynlygy 14 müň 800 kilometre barabar kabel geçirijisi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň üstünden geçer.
Çeşme: servernews.ru

Günorta Amerika we Awstraliýa materiklerini ilkinji gezek özara baglanyşdyrjak internet kabel aragatnaşyk ulgamy çekiler.

“Humboldt” atly kabeli çekmek boýunça taslama Çili Döwletiniň “Desarrollo Pais” döwlet infrastruktura gaznasy we Fransuz Polineziýasynyň Poçta we telekommunikasiýa edarasy tarapyndan bilelikde durmuşa geçiriler. Konsorsiuma şeýle-de “Google” kompaniýasy hem goşular. Taslamany 2026-njy ýyla çenli tamamlamak göz öňünde tutuýar.

Uzynlygy 14 müň 800 kilometre barabar kabel geçirijisi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň üstünden geçer. Çili Döwletini we Awstraliýany birleşdirjek aragatnaşyk ulgamynyň Fransuz Polineziýasynda gözegçilik nokady bolar. Ol “South Pacific Connect” başlagyjynyň goşmaça ugurlaryny özara baglanyşdyrar.

Çili Döwletinde şeýle aragatnaşyk ugruny gurmaga 2016-njy ýyldan bäri isleg bildirilýär. 2022-nji ýylyň awgust aýynda Desarrollo Pais” döwlet infrastruktura gaznasy we “BW Digital” kompaniýasyna degişli baş edarasy Singapurda ýerleşýän “H2 Cable” Walparaiso (Çili) şäherinden Sidneýe (Awstraliýa), Çiliniň Huan Fernandes arhipelagyna, Pasha adasyna, Täze Zelandiýa we hatda Antarktidada çenli uzaýan kabel geçirijisini gurmak baradaky teklibi öňe sürdi.

Taslamanyň jemi bahasy 400 million dollara barabardyr. ABŞ-nyň kibernetik giňişligi we sanly syýasat býurosy (CDP) Ýuwaş ummanyň birnäçe ada ýurtlaryny ygtybarly birikdirjek bu taslama üçin 15 million dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär.

Ýuwaş ummany kesip geçýän, Aziýa bilen Demirgazyk Amerikany özara birleşdirýän “Southern Cross Next” atly suwasty kabel geçirijisi hereket edýär. bar - “Günorta haç Indiki” taslamasy. Şeýle hem Kaliforniýany Çili bilen baglanyşdyrjak “Hawaiki Nui” atly kabel geçirijisi “Curie” kompaniýasy tarapyndan gurulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026