HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanda prezidentlige dalaşgärleriň saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş möwsümi başlady

Ýanwar 15, 2024 | 21:51 |9454
Azerbaýjanda döwlet baştutany wezipesine dalaşgärleriň saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş möwsümi badalga aldy.Azerbaýjanda döwlet baştutany wezipesine dalaşgärleriň saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş möwsümi badalga aldy.
Çeşme: media.az

Azerbaýjanda döwlet baştutany wezipesine dalaşgärleriň saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş möwsümi badalga aldy.

Azerbaýjanyň saýlaw kanunçylygyna laýyklykda saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş möwsümi saýlaw gününe 23 gün galanda başlamaly we 24 sagat galanda tamamlanmalydyr.

Bellige alnan her bir dalaşgäre özüniň saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasyny beýan etmek üçin Jemgyýetçilik teleýaýlymynda üç sagat tölegsiz wagt berilýär. Wagyz ediş çäresi ähli dalaşgärleriň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk görnüşinde geçiriler. Dalaşgärleriň çykyşlarynyň nobaty bije atmak esasynda kesgitleniler.

Şeýle hem olar öz mahabatlaryny çap edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, azerbaýjan dilindäki “Azerbaýjan”, “Halg gazeti”, “Respublika” hem-de rus dilindäki “Bakinskiý raboçiý” gazetlerinde tölegsiz ýerleşdirip bilerler.

Azerbaýjanyň paýtagtynda, beýleki şäherlerinde we etraplarynda wagyz ediş posterleri ýerleşdirmek üçin ýörite diwarlyklar gurnaldy. Şeýle materiallary taryhy binalaryň we medeni desgalaryň diwarlaryna ýerleşdirmegiň gadagandygyny bellemek gerek.

Ýurduň Merkezi saýlaw topary tarapyndan dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşmagy we saýlaw möwsüminiň çäklerinde beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ýörite ýerler bölünip berildi.

Saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş möwsümi 6-njy fewralda ýerli wagt bilen 08-00-da tamamlanar.

Nobatdan daşary prezident saýlawlary Azerbaýjanda 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirmek bellenildi. Merkezi saýlaw topary döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň ýedisini bellige aldy. Olaryň hatarynda ýurduň häzirki Prezidenti Ilham Aliýew, ony “Ýeni Azerbaýjan” partiýasy hödürledi, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenilýän Zahid Oruj, “Milli front” partiýasynyň ýolbaşçysy Razi Nurallaýew, “Azerbaýjanyň bitewi halk fronty” partiýasynyň baştutany Gudrat Gasanguliýew, Beýik döredijilik partiýasyndan Fazil Mustafa, şeýle hem “Beýik Azerbaýjan” partiýasynyň ýolbaşçysy Elşad Musaýew hem-de raýatlar topary tarapyndan hödürlenilýän Fuad Aliýew bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

20:08 Sentýabr 16, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026