HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý rekord derejede awtoulaglary daşary ýurtlara eksport etdi

Ýanwar 15, 2024 | 12:10 |6721
Hytaý awtoulaglary daşary ýurtlara ibermek boýunça taryhy rekord goýup, dünýäde birinji orny eýeledi.Hytaý awtoulaglary daşary ýurtlara ibermek boýunça taryhy rekord goýup, dünýäde birinji orny eýeledi.
Çeşme: bailun.ru

Hytaý awtoulaglary daşary ýurtlara ibermek boýunça taryhy rekord goýup, dünýäde birinji orny eýeledi.

Ýurduň Gümrük gullugynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylda hytaý öndürijileri 101,6 milliard dollarlyk 5,22 million awtoulagy daşary ýurtlara (+ 57% ösüş) eksport etdi.

“Chery Automobile” kompaniýasy 922 830 awtoulagy eksport edip, bu babatda birinji boldy. Awtomobil eksport ediji kompaniýalaryň arasynda Hytaýyň “SAIC Passenger Cars” (685 018 sany ulag), “Tesla China” (344 078 ulag), “Geely Automobile” (274 101), “Great Wall Motors” (267 756), “BYD Automobile” (242 765), “Changan” (191 917) we “Wuling (184 935) kompaniýalary bar.

Hytaý kompaniýalarynyň öndürýän awtoulaglary dünýäniň 200-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Esasy import edijileriň hatarynda bolsa, Ýewropanyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary we Awstraliýa bar.

Hytaýyň awtoulag önümçilik zynjyry özüniň durnuklylygy we önümçilik çykdajylarynyň pesligi bilen tapawutlanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026