HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ispan radioýaýlymy türkmen bagşysynyň albomyny iň gowy aýdym-saz toplumlarynyň sanawyna goşdy

Ýanwar 15, 2024 | 12:01 |8711
Ispaniýanyň meşhur “Mundofonias” radioýaýlymy eýranly türkmenlerden bolan bagşy Muhammetgeldi Geldinejatyň aýdym-saz albomyny dünýäniň iň gowy saz toplumlarynyň sanawyna goşdy.Ispaniýanyň meşhur “Mundofonias” radioýaýlymy eýranly türkmenlerden bolan bagşy Muhammetgeldi Geldinejatyň aýdym-saz albomyny dünýäniň iň gowy saz toplumlarynyň sanawyna goşdy.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Ispaniýanyň meşhur “Mundofonias” radioýaýlymy eýranly türkmenlerden bolan bagşy Muhammetgeldi Geldinejatyň aýdym-saz albomyny dünýäniň iň gowy saz toplumlarynyň sanawyna goşdy. Muhammetgeldi Geldinejat adamlaryň arasynda “Oglan bagşy” ady bilen hem tanalýar.

Häzirki wagtda türkmen bagşysy ABŞ-da ýaşaýar we Billington kollejinde konsert berýär. Bu ýerde Muhammetgeldi amerikan diňleýjileri tarapyndan ünsden düşürilmeýän türkmen aýdym-saz sungatynyň abraýyny belende göterýär. Bagşynyň zehinine Aziýada, Ýewropada we Amerikanyň özünde eýýäm ýokary baha berildi.

Onuň saz çalyş ussatlygyna ata Watan Türkmenistanda hem ýokary baha berilýär. Ýeri gelende bellesek, ol ýörite çakylyk esasynda Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen döwlet sazçylyk mekdebinde, soňra Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim aldy.

Mundan ozal, “ORIENT” Geldinejatyň sungat ýoly barada giňişleýin gürrüň beripdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026