HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owgan neşiri: 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň söwda dolanyşygy 481 million dollara ýetdi

Ýanwar 15, 2024 | 00:04 |8542
Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň söwda dolanyşygynyň möçberi 481 million dollara barabar boldy.Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň söwda dolanyşygynyň möçberi 481 million dollara barabar boldy.
Çeşme: orient.tm

Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň söwda dolanyşygynyň möçberi 481 million dollara barabar boldy. Bu barada “TOLO” habarlar agentligi ministrligiň ýolbaşçysynyň türkmen ilçisi bilen geçiren söhbetdeşligine salgylanyp habar berýär.

Bellenişi ýaly, taraplar söwda toplumynda birnäçe soraglary, şol sanda owgan mermer daşynyň Türkmenistana eksportyny giňeltmek, Aşgabatda Owganystanda öndürilýän önümleriň sergisini guramak meselelerini maslahatlaşdylar.

Owganystan öz harytlaryny Türkmenistanyň üstaşyry beýleki ýurtlara, şol sanda Gazagystana ibermek arkaly 2024-nji ýylda eksport mukdaryny artdyrmak isleýär. Bu pikir goňşy ýurduň Söwda we maýa goýum palatasynda beýan edildi.

Owganystanyň Söwda we senaagt ministrliginiň habar bermegine görä, elektrik, nebit önümleri we suwuklandyrylan tebigy gaz Türkmenistanyň Owganystana iberýän esasy eksport harytlarydyr. Owganystan bolsa, Türkmenistana esasan mermer we käbir oba hojalyk önümlerini iberýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026