HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý startapy elektronika üçin «baky» atom batareýany oýlap tapdy

Ýanwar 13, 2024 | 19:17 |11097
Betavolt hytaý kompaniýasy elektronika enjamlary üçin dünýäde ilkinji atom batareýasy bilen tanyşdyrdy.Betavolt hytaý kompaniýasy elektronika enjamlary üçin dünýäde ilkinji atom batareýasy bilen tanyşdyrdy.
Çeşme: ixbt.com

Betavolt hytaý kompaniýasy elektronika enjamlary üçin dünýäde ilkinji atom batareýasy bilen tanyşdyrdy.

Bu akkumulýator 50 ýylyň dowamynda zarýad bermegi we hyzmaty talap etmeden işläp bilýär.

Işläp taýýarlamajylaryň aýtmagyna görä, şeýle batareýa howpsuz bolup, daşyna hiç hili radioaktiw şöhle bermeýär. Onuň düzümindäki nikeliň izotopy dargandan soňra, daşky gurşawa zyýansyz misiň durnukly izotopyna öwrülýär.

Batareýanyň ölçegi 15/15/5 millimetre, şu tapgyrdaky kuwwaty 100 mikrowatta, güýjenmesi bolsa 3 Wolta deňdir. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli şeýle akkumulýatorlaryň kuwwatyny 1 Watta çenli ýetirmegi meýilleşdirýär.

Bu batareýalar ykjam telefonlarda, robotlarda, dronlarda, emeli intellektli enjamlarda, lukmançylyk enjamlarynda we beýlekilerde ulanylar.

Işläp taýýarlamajylaryň tassyklamagyna görä, bu batareýa güýçli daşarky täsiriň netijesinde hem ýanmaz ýa-da ýarylmaz. Ol -60 gradusdan +120 gradusa çenli temperaturalarda işläp bilýär.

Häzirki wagtda atom batareýasy synag edilýär we soňra bazara çykarylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026