HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri, dokma önümleri, şeýle hem elde dokalan halylar ýerlenildi

Ýanwar 13, 2024 | 19:11 |9912
12-nji ýanwarda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri, dokma önümleri we elde dokalan halylar ýerlenildi.12-nji ýanwarda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri, dokma önümleri we elde dokalan halylar ýerlenildi.
Çeşme: exchange.gov.tm

12-nji ýanwarda anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri, dokma önümleri we elde dokalan halylar ýerlenildi.

Daşarky bazarda Gazagystanyň we Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen kärhanasy bilen ýüpek çig malyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Şeýle hem olar “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen elde dokalan halylary satyn almak, Dokma senagaty ministriligi bilen hem ýorgan-düşek toplumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 16 246 308, 80 manat we 6 640 000 dollar bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026